Saud Arabystany 2030-njy ýyldaky Bütindünýä sergisiniň myhmanlary üçin müň sany aerotaksi satyn alýar

21.07.2024, 13:0510,768
1 / 3

Saud Arabystany Er-Riýadda 2030-njy ýylda Bütindünýä sergisine gelenleri daşamak üçin Awstriýanyň FlyNow startapyndan iki adamlyk eCopter elektrik aerotaksilaryndan müň sanysyny sargyt etdi diýip, New Atlas neşiri ýazýar.

Bu aerotaksiler 130 km/sag tizlik bilen 50 km çenli aralygy geçmäge ukyplydyr. Ýük göterijiligi - 200 kg. Bu ulaglar awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamyan eýe bolup, ol hereket ugruny özbaşdak saýlamaga mümkinçilik berýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.