Ilon Mask iň güýçli AI superklasterini çykardy: 100 000 H100 prosessory

26.07.2024, 19:159,493

Ilon Mask emeli intellekti tälim etmek üçin iň güýçli klaster çykardy. Ol 100 000 sany Nvidia H100 tizlendirijilerinden ybaratdyr.

“Bu, ýerli wagt bilen takmynan 4:20-de Memfis superklasterde-de tälim alyp başlan xAI toparynyň, X toparynyň, Nvidia we goldaw berýän kompaniýalaryň ajaýyp işidir. Bir RDMA matrisasynda suwuklyk bilen sowadýan 100 müň H100 prosessorlary bu klasteri emeli aň tälimleri üçin dünýädäki iň güýçli klaster edýär"- diýip, Ilon Mask X-de ýazdy.

Täze superklasteriň kuwwatlylygy, Oracle-dan kärendesine alnan öňki infrastrukturanyň kuwwatlylygyndan ep-esli ýokarydyr.

GROK 2 çat-botunyň indiki aýda, GROK 3-üň bolsa şu ýylyň dekabrynda çykarylmagyna garaşylýar.

Her H100 tizlendirijisiniň bahasy takmynan 30 000 dollar. Eger GROK 2-ä tälim bermek üçin 20 müň H100 ulanylan bolsa, GROK 3 bäş esse köp hasaplaýyş kuwwatlylygyny talap edýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.