Ýeňiş üçin 1,5 kg ýetmedi: "Mersedesiň" ýalňyşlygy üçin Rassel Belgiýanyň Gran-prisindäki ýeňşinden mahrum boldy

29.07.2024, 09:334,625

“Mersedesiň” sürüjisi Jorj Rassel Belgiýanyň Gran-prisinde ýeňiş gazanandan soň diskwalifikasiýa edildi. Netijede, ýeňiji onuň topardaşy Lýuis Hemilton boldy.

Rasselliň ulagy ýaryş tamamlanandan soň agramy çekilen wagty rugsat berlen kada 798 kg-dan 1,5 kg ýeňil boldy. “Mersedes” toparynyň wekilleri agram çekmek amallarynyň dogrudygyny we munuň toparyň ýalňyşydygyny boýun aldylar.
Şeýlelikde, Belgiýanyň Gran-prisinde ikinji orny “Maklarenden” Oskar Piastri eýeledi, üçünji – “Ferrariniň” ýaryşa gatnaşyjysy Şarl Lekler boldy.

Formula-1. Belgiýanyň Gran-prisi. Ýaryşyň netijesi:

  1. Lýuis Hemilton (“Mersedes”)
  2. Oskar Piastri (“Maklaren”)
  3. Şarl Lekler (“Ferrari”)
  4. Maks Werstappen (“Red Bull”)
  5. Lando Norris (“Maklaren”)
  6. Karlos Saýns (“Ferrari”)
  7. Serhio Peres (“Red Bull”)
  8. Fernando Alonso (“Aston Martin”)
  9. Esteban Okon (“Alpin”)
  10. Daniel Rikkardo (“Alfa Tauri”)
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.