Menni Pakýao ýaponiýaly Anpo garşy görkezme tutluşygyny deňme-deňlikde tamamlady

29.07.2024, 16:265,101

Sekiz agram derejesinde boks boýunça öňki dünýä çempiony filippinli Menni Pakýao ýaponiýaly kikboksçy Rukiýa Anpo garşy görkezme tutluşygyny deňme-deňlikde tamamlady.

Söweş ýekşenbe güni Ýaponiýanyň Saýtama şäherinde geçirildi. Garşydaşlaryň arasyndaky tutluşyk her biri üç minut bolan üç raund dowam etdi.
Ilkibaşda Pakýao ringde garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) ussady ýaponiýaly Tihiro Sudzuki bilen duşuşmalydy, ýöne wakadan biraz öň garşydaş üýtgedildi.
Pakýao 45 ýaşynda, ol sekiz agram derejesinde dünýä çempiony bolan ýeke-täk boksçydyr. Ol karýerasynyň dowamynda 62 ýeňiş gazandy (39-ysy nokaut bilen), sekiz ýeňlişe sezewar boldy, ýene iki söweşi deňme-deňlikde tamamlady. 2021-nji ýylyň sentýabrynda Pakýao boks karýerasyny tamamlaýandygyny mälim etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.