Olimpiada - 2024-de Jokowiç Nadaldan üstün çykdy: bu olaryň özara 60-njy duşuşygy boldy

30.07.2024, 09:061,917

Parižde Olimpiýa oýunlary - 2024-üň çäklerinde tennis boýunça ýaryşyň ikinji aýlawynda serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç ispaniýaly türgen Rafael Nadaldan üstün çykdy.

1/16 final tapgyrynyň ýaryşy 1 sagat 44 minut dowam etdi we 6:1, 6:4 hasap bilen tamamlandy.
Bu duşuşyk tennis äleminde ady rowaýata öwrülen bu iki türgeniň hasap boýunça 60-njy duşuşygy boldy. Nowak 31 gezek, Nadal bolsa 29 gezek ýeňiş gazandy.
1/8 finalda Jokowiç nemes türgeni Dominik Kepfer bilen duşuşar.
Ýekeleýin görnüşdäki ýaryşdan gaýdandan soň, Nadal Pariž Olimpiadasynda jübütleýin ýaryşda çykyşyny dowam eder. Bu ýerde ol Karlos Alkaras bilen ikinji aýlawa çykdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.