Fransiýa Olimpiada-2024-de Argentinany utdy: 1/4 finalyň oýunlarynyň netijeleri

03.08.2024, 13:558,497

Anna güni, 2-nji awgustda, Olimpiýa oýunlarynda geçirilýän futbol ýaryşynyň çärýek final oýunlary geçirildi.

Marokkonyň milli ýygyndysy ABŞ-ny 4:0 hasabynda utdy. Gol bilen Sufian Rahimi, Ahomaş, Aşraf Hakimi we Mehdi tapawutlandy.
Ispaniýa hem Fermin Lopesiň iki goly we Abel Ruisiň goly bilen Ýaponiýadan üstün çykdy (3:0).
Dartgynly oýunda Müsür bilen Paragwaý duşuşygyň esasy wagtynda gol bilen alyşdylar. Paragwaýlylar Diego Gomesiň goly bilen hasaby açdylar. Müsürliler 88-nji minutda Ibrahim Adeliň kömegi bilen hasaby deňlediler. Ýeňiji penalti tapgyrynda kesgitlendi. Müsürliler 5:4 hasabynda ýeňiş gazandylar.
Bu tapgyryň iň gyzykly oýnunda ýaryşyň ýer eýeleri bolan Fransiýanyň ýygyndysy Argentinany 1:0 hasabynda utdy. Ýeke-täk goly bäşinji minutda Žan-Filip Mateta girizdi. Oýun tamamlanandan soň futbol meýdançasynda iki toparyň oýunçylarynyň gatnaşmagynda köpçülikleýin dawa bolup geçdi.
1/4 finalyň oýunlarynyň netijesi boýunça ýarym finalçylaryň jübütleri düzüldi:

  • ·5-nji awgust, 21:00. Marokko – Ispaniýa;
  • ·6-njy awgusta geçilýän gije, 00:00. Fransiýa – Müsür.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.