Aşgabatdaky syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebi ähli welaýatlardan talyplyga kabul edýär

06.08.2024, 15:477,316

Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebi ähli welaýatlardan 2024/2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

  • Myhmanhana hyzmatlary;
  • Syýahatçylyk hyzmatlary;
  • Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş;
  • Jemgyýetçilik iýmitiniň önümleriniň tehnologiýasy;
  • Daşky gurşawy goramak we tebigy miras;
  • Buhgalterçilik hasaba alnyşy.

Dalaşgärleriň resminamalary Aşgabat şäherinde 2024-nji ýylyň 19-njy awgustyna çenli kabul edilýär.
Okuwyň möhleti 2 ýyl.
Welaýatlardan okuwa giren talyplar umumy ýaşaýyş jaýy bilen üpjün edilýär.

Salgy: Aşgabat ş., Berkararlyk etraby, 2105/5 (Mämmet Gurbanow) köçesi, 33,
Habarlaşmak üçin telefonlar:
76-74-14, 76-75-05, 76-75-15.
Web sahypa: syyahatohom.edu.tm

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.