Argentinaly hüjümçi Hulian Alwares Madridiň “Atletiko” futbol klubunyň oýunçysy bolar

12.08.2024, 02:284,502

Argentinanyň hüjümçisi Hulian Alwares Madridiň “Atletiko” futbol klubuna goşular. “Mançester Siti” we “Atletiko” futbol klublary 24 ýaşly oýunçynyň transferini 20 million ýewra ýetip biljek bonuslar bilen 75 million ýewro ylalaşdylar. 

Alwaresiň duşenbe güni lukmançylyk barlagyndan geçmegine we 2029-njy ýylyň iýun aýyna çenli baglaşylan şertnama gol çekmegine garaşylýar.
Bu transfer toparyň üstünligine goşan goşandy üçin oýunça minnetdarlygyny bildiren “Mançester Siti” futbol klubunyň baş tälimçisi Hosep Gwardiola tarapyndan tassyklandy.

“Topardaşlary ony gaty gowy görýärdi, ýöne ol gitmek isleýän bolsa, oňa täze mümkinçilikler garaşýar. Biz oňa üstünlik arzuw edýäris. Men ondan köp zady öwrendim, we ol özüne geregini tapar diýip umyt edýärin” – diýip, žurnalist Sem Li X sosial ulgamynda Gwardiolanyň sözlerini ýazýar.

Geçen möwsümde Hulian ähli ýaryşlarda “Mançester Siti” üçin 54 oýunda oýnap, 19 gol saldy we 13 asist berdi.  

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.