Aktýor Kianu Riwz hokkeý kluby bilen bir günlük şertnama baglaşdy

25.08.2024, 04:417,113

Kianu Riwz Ontario Hokkeý ligasyndan (OHL) kanadaly klub “Windzor Spitfaýrz” bilen bir günlük şertnama baglaşdy.

“Matrisa” we “Jon Uik” franşizalaryndaky rollary bilen tanalýan 59 ýaşly aktýor bu karýerasyna başlamazdan öň hokkeý bilen meşgullanyp, derwezeban ornunda oýnady we hatda “Windzorda” synalyp görüldi. Ýöne ol şikes sebäpli sportdan ýüz öwürmeli boldy.
Riwziň klub bilen şertnamasynyň göçürmesi we onuň goly bolan atributika haýyr-sahawat auksionyna çykarylar. Alnan serişdeler Kanadanyň Psihiki saglyk assosiasiýasyna gönükdiriler.
Belläp geçsek, Riwz aktýorlyk karýerasyna “Ýaş gan” (Молодая кровь, 1986) filminde hokkeý derwezebany rolundan başlady. Ol MHL-e goşulmaga synanyşýan ýetginjegiň keşbini ýerine ýetirdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.