NASA Aý raketasynyň ýygnamagyny togtadýar

27.08.2024, 14:084,041

NASA “Artemida” programmasynyň Aý missiýasy üçin niýetlenen Space Launch System (SLS) agyr raketanyň ýygnalmagyny togtatdy. Inženerler Orion kosmiki gämisiniň ýylylyk geçirmeýän ekrany bilen baglanyşykly näsazlyklary derňeýärler diýip, Arstechnica.com ýazýar.

2022-nji ýylda dolandyryjysyz “Artemida I” synag uçuşynda Orion-yň ýylylyk geçirmeýän ekrany Ýere gaýdyp gelýärkä 2760 gradus temperatura çydady, ýöne ekranyň bir bölegi ýitdi.
NASA bu meseläniň sebäbini kesgitlemek üçin içerki we garaşsyz derňewleri geçirýär.
NASA-nyň gözleg ulgamlaryny ösdürmek boýunça kömekçi dolandyryjysy Ketrin Kerner: "Derňew geçirýändigimiz sebäpli, indiki hereketlerimiz barada entek resmi karar almadyk".
Meseläniň mümkin bolan çözgütleri uçuşyň traýektoriýasynyň üýtgedilmegini ýa-da ýylylyk geçirmeýän ekranyň düýbünden üýtgedilmegini öz içine alýar. Soňky çözgüt 2025-nji ýylyň sentýabr aýyndan 2027-nji ýyla çenli “Artemida II” missiýasyny gijikdirip biljek Orion-yň bölekleýin sökülmegini talap eder.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.