Ilon Mask Neuralink çiplerini on ýylda million adama oturtmak isleýär

30.08.2024, 05:314,084

Ilon Mask geljek 10 ýylyň içinde millionlarça adamyň Neuralink çip implantyndan peýdalanyp başlajakdygyny beýan etdi.

"Hemme zat bolmalysy ýaly gitse, onda dünýäde birnäçe ýylyň içinde ýüzlerçe adamda, belki-de 5 ýylda on müňlerçe adamda ýa-da 10 ýylda millionlarça adamda Neuralink oturdylar" diýip, Mask belleýär. 

Ýakynda Barrou Newrologiýa institutynda Aleks atly ikinji adama çip oturtmak boýunça operasiýa üstünlikli geçirildi. Ertesi gün ol hassahanadan çykaryldy, häzir bolsa ol pikir güýjüniň kömegi bilen Counter-Strike 2 oýnaýar.
Birinji hassa çip 2024-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda oturdylary.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.