Ilon Mask Tesla üçin “beýni” gurýar: täze Cortex superkompýuteri hödürlendi

30.08.2024, 11:195,081

Ilon Mask Teslanyň täze Cortex superkompýuterini hödürledi, ol dünýädäki iň uly kompýutere öwrülip biler.

Mask özüniň X sosial media sahypasynda Cortex-iň içki gurluşyny görkezýän 20 sekuntlyk wideo ýerleşdirdi. Emeli aňy okatmak üçin niýetlenen superklaster Tesla-nyň Ostindäki ştab-kwartirasynda (Tehas ştaty) gurulýar.

 “Cortex baradaky şu wideo. Bu Tesla-nyň Ostindäki ştab-kwartirasynda gurulýan täze, ägirt uly emeli aň tälimçisi "diýip, milliarder ýazdy.

Wideoda täze superkompýuteriň ajaýyp işleýiş güýjüni görkezýän Nvidia H100 grafiki prosessorlar bilen enjamlaşdyrylan serwerleriň hatarlary görkezilýär.
Cortex-iň haýsy maksatlar üçin ulanyljakdygy entek belli däl. Şeýle-de bolsa, taslamanyň gerimini göz öňünde tutup, onuň Tesla-nyň awtonom sürüjisini we kompaniýanyň emeli aň pudagyndaky beýleki taslamalaryny ösdürmek üçin möhüm gurala öwrüljekdigini çaklamak bolar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.