Sentýabr aýynda bolmagy çaklanylýan magnit tupanlarynyň deslapky seneleri aýdyldy

30.08.2024, 19:1619,455

2024-nji ýylyň sentýabr aýynda howa şertlerine garaşly adamlaryň hal-ýagdaýyna ýaramaz täsir edip biljek birnäçe magnit tupanynyň bolmagyna garaşylýar.

Geomagnit tupanlary barada takyk çaklamalaryň olar başlamazyndan üç gün öň kesgitlenip bilinjekdigini bellemelidiris. Şeýle-de bolsa, deslapky hasaplamalar sentýabr aýynda üç sany tupan tolkunyna garaşmalydygyny görkezýär: aýyň başynda, ortasynda we ahyrynda diýip, “Ýasno” portaly ýazýar.

Magnit tupanlarynyň senesi:

  • 1-3-nji we 6-8-nji sentýabr: Magnitosferada ownuk üýtgemeler. Bu saglyga känbir täsir etmez.
  • 12-14-nji sentýabr: Orta depgindäki tupan.
  • 24-26-njy we 29-njy sentýabr: Has çynlakaý täsir, ukynyň bozulmagy, ýadawlygyň ýokarlanmagy we işdäň kesilmegi mükin.

Magnit tupanlary kellagyry, baş aýlanmak, ýadawlyk, keýpiň bozulmagy, ukusyzlyk ýaly bozulmalara we ýürek-damar ulgamynyň işleýşinde näsazlyklara sebäp bolup biler. Aýratynam gan basyşy ýokary hassalar seresap bolmaly, sebäbi magnit tupanlary gan basyşynyň üýtgemegine täsir edip biler.
Magnit tupanly günlerinde gaharlanmakdan we sene-menelerden gaça durmak, elektron enjamlaryň ulanylmagyny çäklendirmek hem-de agyr iýmitlerden we spirtli içgilerden ýüz öwürmek maslahat berilýär.
Howa duýgur adamlar öz ýagdaýyna ünsli gözegçilik etmeli we zerur bolsa lukmana ýüz tutmalydyrlar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.