NASA 7-nji sentýabrda Boeing Starliner-i Ýere yzyna ekipažsyz gaýtarar

31.08.2024, 08:264,382

NASA Boeing Starliner kosmos gämisiniň Ýere yzyna gaýtaryljak senesini yglan etdi. Iýun aýynda Halkara kosmos stansiýasyna iberilen gämi missiýanyň dowamynda ýüze çykan birnäçe tehniki näsazlyklardan soň uçarmansyz gaýdyp geler.

Starliner 6-njy sentýabrda Gündogar Ýewropa wagty bilen 18:04-de (Aşgabat wagty bilen 21:04) HKS-den aýrylar we ertesi gün sagat 12:03-de (Aşgabat wagty bilen 15:03) Nýu-Meksikodaky Uaýt-Sends-Speýs duralgasyna gonar.
Missiýanyň çäklerinde ilkibaşda NASA-nyň astronawtlary Butç Uilmor we Suni Uilýams Ýere Starliner-iň bortunda gaýdyp geler diýlip meýilleşdirilipdi. Ýöne tehniki näsazlyklar ýüze çykarylandan soň, NASA astronawtlaryň howpsuzlygy üçin gämini ekipažsyz yzyna gaýtarmak kararyna geldi.
Ýerdäki toparlar Starliner-iň aşak düşüşini uzak aralykdan gözegçilikde saklarlar. Ýere düşenden soň gämi mundan beýläkki seljermeler üçin Floridada ýerleşýän Kennedi kosmos merkezindäki Boeing Starliner zawodyna äkidiler.
Uilmor bilen Uilýams 2025-nji ýylyň fewral aýyna çenli orbital toplumyň bortunda galar we NASA Crew-9 missiýasy bilen gaýdyp geler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.