Instagramdaky Stories-e teswir funksiýasy goşuldy

16.09.2024, 19:003,478

Instagram Stories-lere teswir ýazmak mümkinçiligini goşdy. TechCrunch-yň habaryna görä, ulanyjylaryň gatnaşygyny artdyrmak üçin döredilen bu funksiýa, göni ýaýlymyň aýratynlyklaryny ýada salýar.

Abunaçylar dostlarynyň Stories-lerine teswir ýazyp, aragatnaşygy has ykjam edip bilerler.
Şeýle-de bolsa, ulanyjylar şahsy maglumatlaryny gizlemek isleseler, teswir ýazmak funksiýasyny öçürip bilerler.
Meta täze funksiýanyň postlara garanyňda Stories formatyny has işjeň ulanýan ulanyjylaryň isleglerine esaslanýandygyny belleýär.
Stories-lere teswir goşmak, platformadaky işjeňligi artdyrmak üçin has uly strategiýanyň bir bölegidir. Ýakynda Instagram ulanyjylaryň profiline aýdym goşmak mümkinçiligini hödürledi we diňe Direct arkaly girip boljak Stories-leri gizlemek üçin "Reveal" funksiýasyny döretdi.
Mundan başga-da, Meta ulanyjylara emeli aňly şahsylaşdyrylan ulanyjy nusgasyny döretmäge mümkinçilik berjek AI Studio guralyny çykarmagy meýilleşdirýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.