Hytaý dünýäniň iň uly radioteleskopyny has-da ulaldýar. Bu onuň durulygyny 30 esse ýokarlandyrar

03.10.2024, 12:509,821

Hytaýly inženerler Guýçžou welaýatynda ýerleşýän dünýäniň iň uly radioteleskopy bolan FAST-ny täzeläp başladylar. 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda işe girizilen esasy toplum 24 sany täze radioteleskop alar, olar esasy gurluş bilen deňine işlär diýip, Space.com habar berýär.

Täzelenme toplumyň durulygyny 30 esse ýokarlandyrmaga ýardam eder we onuň ylmy mümkinçiliklerini ep-esli giňelder. Döwrebaplaşdyrylan teleskopyň kömegi bilen astronomlar gara deşikleriň ewolýusiýasyny, galaktikalaryň emele gelşini, iň täze ýyldyzlaryň partlamalaryny we garaňky maddalary öwrenip bilerler.
FAST global ylmy jemgyýetçilige özboluşly maglumatlary bermek bilen, çuň kosmosyň ylmy meseleleriniň giň toplumyny çözmekde möhüm rol oýnamagyny dowam etdirer.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.