Kriştianu Ronaldu top-diwizionlarda 600 gol görkezijisine ýeten ilkinji futbolçy boldy

07.10.2024, 23:519,821

“Al-Nasryň” hüjümçisi Kriştianu Ronaldu ýokary derejede özüniň 600-nji goluny geçirdi. Ol Saud Arabystanynyň çempionatynyň 6-njy tapgyrynyň “Al-Oruba” toparyna garşy oýnunda tapawutlandy. Oýun “Al-Nasryň” peýdasyna 3:0 hasabynda tamamlandy.

Bu üstünlik 39 ýaşly portugaliýaly oýunçyny çykyş eden dürli çempionatlarynyň top-diwizionlarynda şonça gol geçiren taryhda ilkinji futbolçy edýär.
Halkara futbol taryhy we statistika federasiýasynyň (IFFHS) maglumatlaryna görä, Ronaldu ýokary derejede geçiren gollarynyň sany boýunça bombardirleriň sanawynda birinji orny eýeleýär. Onuň yzyndan 556 gol bilen “Inter Maýaminiň” hüjümçisi Lionel Messi gelýär. Üçünji orunda meşhur braziliýaly oýunçy Romario ýerleşýär.
Kriştianu Ronaldu 2023-nji ýyldan bäri “Al-Nasrda” oýnaýar. Ondan öň “Sporting”, “Mançester Ýunaýted”, “Real Madrid” we “Ýuwentus” ýaly toparlarda çykyş etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.