Piastriniň “Formula-1-däki” ilkinji ýeňşini Awstraliýada milli baýramçylyk etmek isleýärler

11.10.2024, 11:471,823

Şu ýyl Oskar Piastri “Formula-1-de” özüniň ilkinji ýeňşini gazandy. Ol 21-nji iýulda Modýorodda geçirilen Wengriýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy. Hut şol güni indi Awstraliýanyň milli baýramçylygyna öwürmek isleýärler diýip, f1-world.ru habar berýär.

Häzirki wagtda Awstraliýanyň parlamenti 21-nji iýuly milli baýramçylyk etmäge çagyrýan haýyşnamany gözden geçirýär. Resminamada Piastriniň çempionlar Lýuis Hemiltondan we Maks Werstappenden öňe geçendigi, şeýle-de onuň awtosport taryhynda üç ýylda üç çempionaty: Renault Ýewropa tapgyryny, “Formula-3-i” we “Formula-2-ni” utan ilkinji ýaryşa gatnaşyjy bolandygy görkezilýär.
Belläp geçsek, “Formula-1-iň” taryhynda Awstraliýadan çempionaty utan iki sürüji bar: Jek Brebem we Alan Jons.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.