Hytaý atmosfera gözegçilik etmek üçin Ýeriň emeli hemrasyny uçurdy

23.10.2024, 15:162,859

Hytaý atmosferanyň ýokarky gatlaklaryny öwrenmek üçin Ýeriň emeli hemrasy Tianping-3-i (“Mizan-3”) uçurdy. Bu barada Renmin wang saýty habar berýär diýip, TASS belleýär.

Hemra “Çançžen-6” raketa göterijisiniň kömegi bilen Şansi welaýatynyň (Demirgazyk Hytaý) Taýýuan kosmodromyndan Pekin wagty bilen 08:10-da uçuryldy we “bellenilen orbita” üstünlikli çykdy.
Mizan ýyldyzlar toparynyň adyny göterýän Tianping-3, esasan, ýerüsti radiolokasion enjamlary kalibrlemek, şeýle-de Ýeriň pes orbitasyna gözegçilik etmek we orbitany kesgitlemek modelini düzetmek üçin ulanylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.