Baku bilen Madrid 2027-nji ýylyň Çempionlar ligasynyň finalyny geçirmek ugrunda bäsleşer

26.10.2024, 07:446,161

Ýewropa Futbol Assosiasiýalary Bileleşigi (UEFA) 2026/27 möwsümiň  Çempionlar ligasynyň final duşuşygynyň Bakuwda ýa-da Madridde geçiriljekdigini habar berdi. Bu barada guramanyň metbugat gullugyna salgylanýan TASS habar berýär.

Bakuwda final oýnunyň Olimpiýa stadionynda geçmegi mümkin. Madridde oýny “Atletikonyň" öý stadiony bolan “Wanda Metropolitanoda” geçirmek isleýärler.
Warşawa (Milli stadion), Barselona (“Kamp Nou”), Bazel (“Sankt-Ýakob-Park”) we Kardiff (Milli stadion) 2026/27-nji möwsümiň Zenanlar Çempionlar ligasynyň final oýnuny geçirmek ugrunda bäsleşýärler.
UEFA iki oýnuň hem ýer eýelerini 2025-nji ýylyň maý aýynda kesgitlär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.