Nvidia ýene-de Apple-den öňe geçip, dünýäniň iň gymmat kompaniýasy boldy

06.11.2024, 17:173,480

Nvidia amerikan kompaniýasy dünýäniň iň gymmat kompaniýalarynyň reýtinginde bazar bahasy boýunça Apple-den öňe geçip, birinji orna gaýdyp geldi. Ýylyň başyndan bäri Nvidia-nyň paýnamalary emeli aň çiplerine bolan islegiň artmagy netijesinde 182,5% gymmatlady diýip, Bloomberg habar berýär.

Kompaniýanyň paýnamalary Nasdaq biržasynda 139,93 dollar derejesinde satylýar, olaryň bahasy 2,84% ýokarlandy. Kompaniýanyň bazar bahasy 3,43 trln dollara barabar boldy.

Şeýlelikde, Nvidia dünýäniň iň uly kompaniýasy ornundan ýene Apple-i gysyp çykardy. iPhone öndürijisiniň bazar bahasy 6-njy noýabrda 16:22-ä çenli ýagdaýa görä 3,38 trln dollara barabar.

Iň uly kompaniýalaryň üçlügini 3,06 trln dollar bilen Microsoft jemleýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.