Nvidia bazar bahasy 3,6 trillion dollardan geçen dünýädäki ilkinji kompaniýa boldy

11.11.2024, 21:484,265

Nvidia-nyň paýnamalary geçen hepdäniň ahyrynda rekord derejä çykyp, çip öndürijini taryhda 3,6 trillion dollardan gowrak gymmaty bolan ilkinji kompaniýa adyna eýe etdi. Bu barada “Daily Star” gazeti habar berýär.

Nvidia-nyň bazar bahasy 3,65 trillion dollara ýetip, duşenbe güni bu görkeziji 3,62 trillion dollar derejesinde saklandy.
Geçen hepdäniň ahyrynda Apple-iň gymmaty 3,44 trillion dollara ýetdi, häzirki wagtda bu kompaniýanyň bahasy 3,43 trillion dollara barabardyr.
Diňe noýabr aýynda çip öndürijiniň paýnamalary 12% ýokarlandy. 2024-nji ýylda bolsa olaryň bahasy üç esse artdy. Analitikler 20-nji noýabrda Nvidia-nyň çärýeklik girdejisini 80%-den gowrak - 32,9 milliard dollara çenli artdyryp biler diýip garaşýarlar.
Bazar bahasy boýunça ilkinji üçlügi Microsoft jemleýär. Geçen hepdäniň ahyrynda onuň bahasy, takmynan, 3,16 trillion dollar boldy. Häzir ol 3,14 trillion dollara düşdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.