iPhone 16 Pro kosmosa çykýar. Apple öz flagmanynyň adaty bolmadyk  mahabatyny çykardy

22.11.2024, 00:476,312
1 / 2

Apple “All Systems Pro” atly mahabat roligini  çykardy diýip, MacRumors habar berýär. Kompaniýa özüniň marketinge bolan döredijilikli çemeleşmesi bilen haýran galdyrmagyny dowam etdirýär - wideoda iPhone 16 Pro orbita tarap ugur alan raketanyň keşbinde görkezilýär.

Dolandyryş merkezinde hünärmenler “uçurylmazdan” öň komponentleri soňky gezek barlaýarlar. Neural Engine neýron moduly we 6 ýadroly grafiki prosessor ýaly, ähli ulgamlaryň taýýardygy bellendi.
Apple bu mahabat bilen täze A18 Pro prosessorynyň tehniki häsiýetnamalaryna ünsi jemleýär.

Wideonyň beýanynda: “A18 Pro has çalt neýron moduly, gowulandyrylan merkezi  we grafiki prosessorlar, şeýle-de,    ep-esli ýokarlandyrylan geçiriş ukyply ýat (Memory Bandwidth) bilen enjamlaşdyrylan” diýilýär.

Şeýle hem, “çip, Camera Control ýaly ösen surat we wideo mümkinçiliklerini goldaýar we oýunlaryň indiki nesli üçin ajaýyp grafiki öndürijiligi üpjün edýär” diýip bellenýär.
Şeýle hem, wideoda smartfonyň sekuntda 120 kadrda (FPS) 4K haýal hereketli wideo düşürmekdäki mümkinçilikleri görkezilýär.
Apple ozal ikinji nesliň 3-nm önümçilik prosesi arkaly  A18 Pro-nyň ozalky A17 Pro-dan 15% çalt işleýändigini habar berdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.