Emeli hemralaryň üsti bilen kosmosdan Ýeriň düşürilen suratlaryna seredip görüň

26.11.2024, 15:5116,803
1 / 2

Amerikanyň Maxar Intelligence kompaniýasy täze WorldView Legion hemralaryndan alnan ilkinji suratlary çap etdi. Bu apparatlar ownuk obýektleriň jikme-jik şekillerini we Ýer togalagynyň üstüniň ýokary durulykdaky suratlaryny  almak üçin niýetlenendir.

Täze emeli hemralar 45° eňňit bilen orbita çykaryldy, bu sebitleri şapak ýagtylandan Gün ýaşýança surata düşürmäge mümkinçilik berdi.
Bu konfigurasiýa planetanyň ilatynyň takmynan 90%-niň ýaşaýan ýerlerini öz içine alýar. Şeýle hemra maglumatlary, esasanam, kartografiýada, oba hojalygynda we tebigy hadysalara gözegçilik etmekde has hem gereklidir.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.