Asteroidleri öwrenmekde ulanmaga niýetlenen robot itlere, pişiklerdäki ýaly, mydama aýaklarynyň üstüne düşmegi öwretdiler

30.11.2024, 14:216,692

Hytaýly alymlar asteroidleri öwrenmekde ulanyp boljak, elmydama aýaklarynyň üstüne düşýän robot iti döretdiler. Pişiklerden alnan bu başarnyk, pes dartyş güýji  şertlerinde işlemek üçin peýdalydyr diýip, Interesting Engineering ýazýar.

Ownuk asman jisimlerine pes dartyş güýjünde tigirli hereket etmek mümkin däldir, ýöne bökýän robotlara bu kyn bolmaz. Harbin Tehnologiýa institutynyň barlagçylary tarapyndan işlenip düzülen robot it, nähili beýiklikden we nähili ýagdaýda bökýändigine garamazdan, elmydama aýaklarynyň üstüne düşmegi başarýar.
Alymlar agraldyjylary ulanmakdan we robotyň agyrlyk merkezine gözegçilik etmekden ýüz öwürdiler. Muňa derek, alymlar okuw wagtynda agramsyzlygyň şertlerini simulasiýa edip, oňa ýykylanda nädip aýaklarynyň üstüne düşüp boljakdygyny öwrenmäge kömek etdiler. Robot it şeýle akrobatiki tilsimi 8 sekuntda ýerine ýetirmegi öwrendi, ýöne ol asteroidde 10 sekunt töweregi böküp durmaly  bolar.
Üstünlik asteroidiň relýefine bagly bolsa-da, barlagyň netijeleri bu usulyň geljekde peýdaly boljakdygyny görkezýär. Onýyllygyň ahyrynda hünärmenler robot iti asteroidleriň birine meýdan synagy üçin ibermegi meýilleşdirýärler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.