Microsoft suratlardan 3D model döretmek üçin mugt neýroulgam hödürledi

11.12.2024, 08:173,895

Microsoft suratlary 3D modele öwürýän mugt emeli aň guraly Trellis-i hödürledi. Hyzmat göni brauzerde işleýär we ähli ulanyjylar üçin elýeterlidir.

Hyzmat diňe bir suratlar boýunça däl, eýsem tekst beýany boýunça-da 3D obýektleri döredip bilýär. Şeýle-de, modelleri has kämilleşdirmek mümkinçiligi bar.
Trellis-den nähili peýdalanmy?
Trellis-i ulanmak üçin Hugging Face platformasyna geçip, surat ýüklemek ýeterlikdir. Deslapky wersiýada tekst boýunça model döredip bolmaýar, ýöne suratdan 3D obýekti döretmek prosesi ýönekeý:

  • Salgy boýunça geçiň (hasaba alynmak hökman däl);
  • 3D modele öwürmeli obýektiň aýdyň suratyny ýükläň;
  • Hyzmat fonuny bozýança we modeli döredýänçä birnäçe minut garaşyň (öňünden dury fonly suraty hem ýükläp bilersiňiz);
  • “Generate” düwmesini basyň we ýükläp almak üçin elýeterli bolan GLB formatda model alarsyňyz.

Alnan 3D modelleri uly obýektler bilen mundan beýläk-de işlemek üçin Blender ýaly programmalarda ulanyp bilersiňiz. Modeliň döredilmegi 1 – 1,5 minut wagt alýar we ol belliksiz hödürlener.
Mundan başga-da, GitHub-da neýroulgamyň kody ýerleşdirilen we bu işläp düzüjiler üçin gowy mümkinçilik hödürleýär. Aýratynam, Trellis wideo oýunlarda personažlary we obýektleri çalt döretmek üçin peýdaly gural bolup biler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.