UEFA klub reýtingini täzeledi: sanawda "Mançester Siti" ýokarda, Realyň "Madridi" 2-nji ýerde

16.12.2024, 00:435,764

UEFA Ýewropa klublarynyň täzelenen reýtingini hödürledi. Sanawda birinji orny Angliýanyň "Mançester Siti" kluby eýeleýär. Ikinji orunda Madridiň "Realy", üçünji ýerde Mýunheniň "Bawariýa" kluby bar diýip, uefa.com habar berýär.

  1. "Mançester Siti";
  2. Madridiň "Realy";
  3. "Bawariýa";
  4. "Liwerpul";
  5. "Roma";
  6. "PSŽ";
  7. "Çelsi";
  8. "Borussiýa" Dortmund";
  9. "Inter";
  10. "Wilýarreal";
  11. "Baýer";
  12. "Mançester Ýunaýted"
  13. "Barselona"
  14. "Benfika";
  15. "Portu"
  16. "Atletiko"
  17. "Arsenal"
  18. "Leýpsig";
  19. "Atalanta"
  20. "West Hem"

Klublaryň möwsüm boýunça koeffisentleri olaryň Çempionlar ligasynyň, Ýewropa ligasynyň we Konferensiýalar ligasynyň häzirki ýaryşlaryndaky netijeleriniň esasynda hasaplanýar. Reýting soňky bäş möwsüme görä hasaplanyp, UEFA-nyň howandarlygyndaky ýaryşlarda bije atylan mahaly klublaryň ýerlerini kesgitleýär.
Sanaw görkezijisi klub ýaryşlarynyň her tapgyryndan soň täzelenýär diýip, 
sports.ru ýazýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.