Ýapon kompaniýalary Aýda geliý-3-i çykarmak kararyna geldi

16.12.2024, 15:193,166

Ýaponiýanyň Aýda barlaglary  geçirýän ispace kompaniýasy we Magna Petra geologiýa gözleg firmasy Aýyň regolitinden geliý-3 (He-3) izotopyny çykaryp  almak we soňra Ýere getirmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek baradaky şertnama gol çekişdiler diýip, Space.com habar berýär.

Kompaniýalar çig malyň täjirçilik mukdaryny çykayp almak meýilnamasyny yglan etdiler. Bu izotop termoýadro energetikasy ýaly, geljegi uly tehnologiýalarda ulanylyp bilner.
ispace häzirki wagtda 2025-nji ýyl üçin meýilleşdirilen ikinji missiýasyny ugratmaga taýýarlanýar. Resilience moduly Tenacious mikro rowerini Aýyň üstüne elter. Roweriň wezipesi Aý landşaftyndan geçmäge we regolitiň nusgalaryny ýygnamaga ukyplydygyny görkezmek bolar.
Magna Petranyň wekilleri görkezişiň üstünlikli geçmegi köp mukdarda geliý-3-i çykarmak we daşamak üçin zerur tehnologiýalaryň ösüşini çaltlaşdyrjakdygyna ynanýarlar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.