Ýaponiýada indi robotlaryňam öz «tiz kömegi» bar

Düýn, 20:021,992
1 / 3

Ýaponiýada ynsanpisint robotlary gönümel näsazlyk ýüze çykan ýerinde bejermäge mümkinçilik berýän üýtgeşik hyzmat işe girizildi. GMO Internet Group kompaniýasy munuň üçin ýörite enjamlaşdyrylan furgony hödürledi. Ol ýurtda robotlar üçin ilkinji «tiz kömek» hökmünde häsiýetlendirilýär.

GMO Air bölümi tarapyndan durmuşa geçirilýän taslama Tokiodaky müşderiler üçin niýetlenýär. Furgonyň içinde inženerler, zerur gurallar we ätiýaçlyk şaýlary, şeýle-de ätiýaçlyk robot ýerleşýär. Eger näsazlygy şol ýeriň özünde düzetmek başardýan bolsa, hünärmenler roboty dessine «aýaga galdyrýarlar».

Çynlakaý näsazlyk ýüze çykan ýagdaýynda bolsa, zeper ýeten robot abatlaýyş merkezine iberilýär, müşderä bolsa wagtlaýyn ulanmak üçin başga robot berilýär.

Häzirlikçe bu «tiz kömek» gullugyny awtonom ýagdaýda işledip bolanok: furgony adam dolandyrýar, robotlary bolsa inženerler bejerýär. Ýagny robotlaryň biri-birini özbaşdak bejerýän döwrüniň gelmegine entek wagt bar.

Ynsanpisint robotlaryň kärhanalarda ulanylyşy artdygyça, şeýle hyzmatlara hyrydarlygyň hem köpelmegine garaşylýar. Mysal üçin, robotlar myhmanhanalarda arassaçylyk işlerinde ýa-da ammarlarda ýük daşamak üçin ulanylsa, olaryň biriniň hatardan çykmagy işiň wagtlaýyn togtamagyna sebäp bolup biler.

Bu hyzmaty döretmek pikiri zeper ýeten robotlary hyzmat merkezine ibermeli bolan birnäçe wakadan soň peýda bolupdyr. Bu bolsa müşderileriň birnäçe wagtlap enjamsyz galmagyna we işiň togtamagyna getiripdir.