Netflix “Kesgir gaşlar” doly metražly filmini surata düşürmegini tamamlady

22.12.2024, 13:204,500

“Kesgir gaşlar” (Острые козырьки) 2013-nji ýylda çykanyndan bäri tomaşaçylaryň gyzyklanmasyny gazanmagy başaran serial boldy. Ol 1920-nji ýyllarda Birmingemde Şelbi jenaýat maşgalasynyň wakasyny gürrüň berýär. Alty möwsümden soň, muşdaklar oňa indi doly metražly film görnüşinde tomaşa edip biler.

Netflix filmi surata düşürmek işleriniň tamamlanandygyny habar berdi.
Filmiň ssenariçisi asyl serialyň üstünde işlän Stiwen Naýt boldy. Täze filmde tomaşaçylar ýene Killian Mýorfini Tomas Şelbiniň rolunda görer, şeýle-de taslama Barri Keogan goşuldy.

 Filmi
 wakasy Ikinji jahan urşy döwri ýaýbaňlanar. Reliziň senesi heniz belli däl.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.