Tibetde 5228 m belentlikde 170 000 sany Gün paneli oturdyldy

24.12.2024, 16:528,560

Hytaýyň China Huadian we PowerChina kompaniýalary bary-ýogy 115 günde dünýäde iň beýik belentlikdäki Gün elektrik stansiýasyny gurup, ulanylyşa girizdiler. Onuň kuwwaty 100 megawatta barabar.

Gün fermasy Tibetde 5228 metr belentlikde ýerleşýär.
Caipeng Solar-Storage Power Station elektrik stansiýasy 170 000 Gün panelinden ybarat bolup, 1,4 inedördül kilometr meýdany eýeleýär. Şeýle-de, ol kuwwaty 20 megawatt bolan akkumulýator batareýalary bilen enjamlaşdyrylandyr.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.