The Ring: Usik - ýylyň boksçysy, Mozes Itauma - ýylyň geljegi uly boksçysy

14.01.2025, 12:035,111

"The Ring" neşiri 2024-nji ýylyň netijelerini jemledi. Abraýly žurnal ýeňilmezek ukrainaly türgen Aleksandr Usige “Ýylyň boksçysy” adyny berdi. Iňlis boksçysy Mozes Itaumany bolsa “Ýylyň geljegi uly boksçysy” diýip ykrar etdi.

2024-nji ýylda Usik britaniýaly türgen Taýson Fýuri bilen iki gezek söweşdi. 18-nji maýda geçen ilkinji söweşde ukrainaly türgen eminleriň bölüşik karary bilen ýeňiş gazandy, WBC-iň titulyna eýe boldy we aşa agyr agram derejesinde dünýäniň absolýut çempiony boldy. Şeýle-de bolsa, ol soňra IBF-iň titulyndan ýüz öwürdi. 21-nji dekabrda geçirilen rewanş söweşinde Usik özüniň artykmaçlygyny tassyklap, eminleriň biragyzdan gelen karary bilen ýeňiş gazandy.
20 ýaşly britan türgeni Mozes Itauma 2024-nji ýylda dört gezek söweşip, hemmesini möhletinden öň ýeňdi. Senenama ýylynda onuň ilkinji garşydaşy iňlis türgeni Den Garber boldy, söweş 22-nji martda bolup, birinji tapgyrda nokaut bilen tamamlandy. Şondan soň iki aýa ýetmän, 18-nji maýda germaniýaly türgen Ilýa Mezensew bilen duşuşdy we WBO-nyň agyr agram derejesinde boş duran Inter-Continental titulyny almak bilen ikinji tapgyrda ony tehniki nokaut bilen ýeňdi. Şondan soň Itauma iki gorag söweşini geçirdi: ikinji tapgyrda Mariuş Wahy derbi-dagyn etdi we awstraliýaly türgen Demsi Makkini bolsa eýýäm birinjide ýeňlişe sezewar etdi.
Itauma professional karýerasyndaky 11 söweşiň hemmesinde ýeňiş gazandy, olaryň dokuzysynda ilkinji iki raundda nokaut bilen ýeňdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.