Türkmenistandan iňlis dili mugallymlary Daşkentde okuw maslahatyna gatnaşdylar

14.01.2025, 17:269,229

9-11-nji ýanwar aralygynda Daşkent şäherindäki Özbegistanyň Döwlet dünýä dilleri uniwersitetinde «Merkezi Aziýada iňlis dilini öwrenmegi işjeňleşdirmek» atly halkara okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatyna Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, şeýle hem iňlis dilini okatmak boýunça hünärmenler gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministirliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Beýik Britaniýanyň «Britan geňeşi» edarasy tarapyndan guralan okuw maslahatyna Türkmenistandan Milli bilim institutynyň ylmy işgäri, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň tejribeli mugallymlary gatnaşdylar.
Halkara okuw maslahatda iňlis dili mugallymlary taýýarlamak maksatnamasynyň çäginde mugallymlaryň hünärini üznüksiz kämilleşdirmek işine we refleksiw tejribäniň ähmiýetine aýratyn üns berildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.