Hindi emeli hemralary kosmosda birinji gezekden sepleşip bilmediler

15.01.2025, 23:144,596

Hindistanyň kosmos barlaglary guramasy (ISRO) Space Docking Experiment (SpaDeX) missiýasynyň iki emeli hemrasyny kosmosda sepleşdirmek boýunça synag geçirdi. Birinji synanyşykda apparatlar biri-birine üç metre çenli  golaý geldi, ýöne tiz wagtdan olary howpsuz aralyga daşlaşdyrdylar.

Sepleşişe jogap berýän datçiklerinden gelmeli signallaryň gijikmegi sebäpli bu işiň arasy kesildi diýip, ISRO-da habar berdiler. Şol sebäpden gurama sepleşdirmegi maglumatlar has jikme-jik seljerilenden, enjamlar doly sazlanandan we ähli datçikler synagdan geçirilenden soň geçirmek kararyna geldi.
Kosmos gämilerini sepleşdirmegiň diýseň çylşyrymly işdigini bellemelidiris. Bu iş üstünlikli geçen ýagdaýynda Hindistan hemralary sepleşdirmäge ukyply dördünji ýurt bolar. Bu öňegidişlik geljekki kosmos taslamalaryna, şol sanda Hindistanyň kosmos stansiýasyny döretmeklige kömek eder.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.