Ilon Maskyň pikirine görä hemmäniň okamaly 9 sany kitaby

29.01.2025, 19:2422,606

Amerikan telekeçisi, inžener we milliarder Ilon Mask emeli aň bilen bagly dünýäde üstünlik gazanmak, ykdysadyýete düşünmek, dolandyrmagy öwrenmek hem-de aç-açan aragatnaşyk sungatyny özleşdirmek üçin peýdaly 9 sany kitabyň sanawyny paýlaşdy.

Olaryň arasynda hiç hili okuw materialy ýok, diňe peýdaly edebiýatlar bar. Ynha, Maskyň maslahat berýän kitaplary:

  • «Emeli aňy nädip dolandyrmaly» (Human Compatible: Artificial Intelligence and the Problem of Control), Rassel Stýuart;
  • «Noldan bire. Geljekde dünýäni üýtgedip biljek startapy nähili döretmeli» (Zero to One: Notes on Startups, or How to Build the Future), Piter Til we Bleýk Masters;
  • «Şübhe söwdagärleri» (Merchants of Doubt), Naomi Oreskes we Erik M. Konweý;
  • «Durmuş 3.0. Emeli aň döwründe adam bolmak» (Life 3.0: Being Human in the Age of Artificial Intelligence), Maks Tegmark;
  • «Älem. Durmuşyň gelip çykyşy, barlygymyzyň manysy we ullakan kosmos» (The Big Picture: On the Origins of Life, Meaning, and the Universe Itself), Şon M. Kerroll;
  • «Ýalan. Näme üçin hakykaty aýtmak hemişe has gowudyr » (Lying), Sem Harris;
  • «Emeli aň. Tapgyrlar. Howplar. Strategiýalar» (Superintelligence: Paths, Dangers, Strategies), Nik Bostrom;
  • «Halklaryň baýlygynyň tebigaty we sebäpleri baradaky gözlegler» (The Wealth of Nations), Adam Smit;
  • «Radikal dogruçyllyk. Adamzat duýgularyny ýitirmän, nädip ýolbaşçylyk etmeli» (Radical Candor: Be a Kick-Ass Boss Without Losing Your Humanity), Skott Kim.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.