Windows 11-däki täzelenmeler sebäpli nauşnikler, web-kamera we Alt+Tab işlemegini bes etdi

30.01.2025, 12:381,845
1 / 2

Windows 11 24H2-niň KB5050009 belgili ýanwar täzelenmesi köp sanly ýalňyşlyk sebäpli ulanyjylaryň nägileligine getirdi. Gurnamadan soň ulanyjylaryň köpüsi Bluetooth-nauşnikleriň, web-kameralaryň işlemezligi we bir programmadan başga bir programma geçilende näsazlyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy.

Ulanyjylar Bluetooth-nauşnikler “birikdirildi” diýip görkezse-de, olaryň işinde bökdençlikleriň ýüze çykýandygyny habar berýär. Öçürmek we gaýtadan birikdirmek, şeýle-de sazlamalary ýatyrmak hem kömek etmeýär. YouTube-da wideo görmekde hem meseleler ýüze çykdy – yzygiderli buferleme ýa-da ses renderinginde näsazlyklar.
Meseläniň çözgüdi – täzelenmäni aýyrmak.


Köp ulanyjylar web-kameralar bilen bagly näsazlyklara sezewar boldy. HP Spectre noutbuklarynyň eýeleri “kameralaryň tapylmaýandygyndan” zeýrendi. Dell monitorlarynyň eýeleri hem näsazlyk barada habar berýär: olaryň gurluşy işläp bilmedi.
KB5050009 (Windows 11 24H2 üçin) we KB5050021 (Windows 11 23H2 üçin) täzelenmeleri daşky USB DAC-yň işlemezligine getirýär. Şol bir wagtyň özünde draýwer “API-ni tamamlamak üçin ulgam resurslary ýeterlik däl” näsazlygyny berýär.
Mundan başga-da, KB5050009 täzelenmesi Fortnite we Assassin’s Creed ýaly oýunlar oýnalýarka programmalar çalşylanda (Alt+Tab) gurluşyň doňmagyna getirýär.
KB5050009 täzelenmesiniň özi, köplenç, gurnalan ýagdaýynda gönüden-göni näsazlyklaryň sebäbine öwrülýär. Käbir ulanyjylar tükeniksiz ýükleme bilen ýüzbe-ýüz bolýar, beýlekiler 0x80070005 näsazlyk koduny alýar. Täzelenme gurnalandan soň käbir ulanyjylar Smart App Control-yň nädogry işleýändigini belleýär.
Häzirki wagtda Microsoft meseläniň çözgüdini hödürlemedi. Ulanyjylara täzelenmäni aýyrmak we Windows täzelenmelerini togtatmak maslahat berilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.