“Kalmar oýnunyň” üçünji möwsüminden poster we ilkinji kadrlar peýda boldy

31.01.2025, 17:055,215
1 / 5

“Kalmar oýny” serialynyň üçünji we jemleýji möwsümi 27-nji iýunda çykar. Bu barada Netflix habar berdi. Akym platformasy geljekki möwsümiň resmi posterini hödürledi.

Şeýle-de, serialyň awtorlary taslamadan ilkinji kadrlar bilen paýlaşdy.



Ýatlap geçsek, “Kalmar oýny” serialynyň ikinji möwsümi 26-njy dekabrda çykdy. Sýužet Li Jon Jeniň ýerine ýetirmeginde Son Ki Hunuň diri galmak oýnuna gaýdyp gelşi barada gürrüň berýär. Ol oýnuň guramaçylaryny paş edip, adam ölümleriniň soňuna çykmaga çalyşýar.
Koreý taslamasynyň birinji möwsümi 2,8 mlrd sagatdan gowrak tomaşa ýygnap, iň meşhur şoularyň birine öwrüldi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.