Fewral-mart aýlarynda Türkmenistanda halkara okuw-ylmy maslahaty we 2 sany internet olimpiadasy geçiriler

01.02.2025, 09:064,194

2025-nji ýylyň fewral-mart aýlarynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly halkara okuw-usuly maslahatyny we olimpiadalary geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu barada wise-premýer B.Orazduryýewa Hökümet mejlisinde hasabat berdi.

Hususan-da,

  • 28-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmeginiň 33 ýyllygy mynasybetli “Dil — hoşniýetli gatnaşyklaryň möhüm serişdesi” atly halkara okuw-usuly maslahaty;
  • 10 — 15-nji martda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda nazary mehanika dersinden IV Açyk halkara internet olimpiadasyny;
  • 18-nji martda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda materiallaryň garşylygy dersinden IV Açyk halkara internet olimpiadasyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Halkara okuw-usuly maslahata we olimpiadalara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, professor-mugallymlary, alymlary bilen bir hatarda, RF-niň, HHR-iň, ABŞ-nyň, Koreýa Respublikasynyň, BAE-niň, Awstriýa Respublikasynyň, GFR-iň, Rumyniýanyň, Türkiýe Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Malaýziýanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň we beýleki onlarça döwletiň abraýly bilim ojaklarynyň zehinli ýaşlarynyň, alymlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.