Nissan Honda bilen meýilleşdirilen bileleşikde tabynlyk ornuna razy däl

06.02.2025, 11:593,987

Ýapon awtoulag ägirtleri Honda bilen Nissan-yň birleşmegi baradaky gepleşikler petige diredi. Nissan öz konsernini, esasan, Hondanyň golçur kärhanasyna öwürjek teklibi ret edýär diýip, habarly çeşmelere salgylanýan Wall Street Journal ýazýar.

Çeşmeler Honda-nyň öz paýnamalarynyň bir bölegini Nissan-a satyn almagy teklip edendigini aýdýar. Bu Nissan-y tabyn ýagdaýda goýardy we konsernde muny kabul ederliksiz hasaplardylar. Deslapdan iki tarap hem deň hyzmatdaş bolar diýip  meýilleşdirilipdi.
Honda-nyň pikirini üýtgetmeginiň sebäbi, myş-myşlara görä, Nissan-yň maliýe kynçylyklaryndan soň dikeliş depginine nägilelik bilen baglanyşykly. Şonuň üçin Honda çözgüde gelmekde öz täsirini artdyrmak kararyna geldi.
Şeýle-de bolsa, entek birleşmek pikirinden doly el çekmek barada gürrüň ýok. Wakanyň iki görnüşde öwrüm almagy mümkin: ýa-ha kompaniýalar ozal gazanylan şertnamalaryň çäginde hyzmatdaşlygy dowam etdirerler ýa-da birleşmek üçin ylalaşykly çözgüde gelmegiň ýollaryny gözlemegi dowam etdirerler.
Iki ýapon konsernini birleşdirmek meýilnamasy hakda gutarnykly karar fewral aýynyň ortalarynda kabul ediler diýip garaşylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.