Microsoft işläp düzüjiler üçin konferensiýanyň geçiriljek senesini anons etdi. Üns merkezinde – EA

08.02.2025, 02:211,434

Microsoft emeli aň pudagynda innowasiýalaryň gerimi boýunça geçen ýylky Build çäresinden öňe geçjek Build 2025 konferensiýasynyň senesini anons etdi. Çäre 19 – 22-nji maýda Sietlde geçiriler.

Microsoft Build inžener-programmistlere we web-işläp düzüjilere gönükdirilen çäredir.

“Kod we programma işläp düzmekde soňky innowasiýalary öwreniň we kärdeşlerden hem dünýäniň dürli ýerinden gelen hünärmenlerden pikir alyň” – diýlip, Build 2025 sahypasynda aýdylýar. Forumda hödürlenen gurallaryň we tehnologiýalaryň geljekde dürli ugurlara giňden ornaşdyrmak üçin ulanylmagyna garaşylýar.

Geçen ýyl EA temasy konferensiýada esasy bolup, Windows-da gözleg, Copilot+ we Microsoft Paint ýaly ugurlary öz içine aldy. Mundan başga-da, geçen ýylky konferensiýanyň öňüsyrasynda Qualcomm Snapdragon X Elite we X Plus çipleriniň esasynda täze Surface Pro PK hödürlendi. Şol sebäpli Qualcomm çipleri bilen täze modelleriň anonsynyň hem bolmagyna garaşylýar.
Bilermenler Build 2025-de Windows 11 we Microsoft 365 üçin EA ugrunda düýpli kämilleşmeler hödürlener diýip çaklaýar.
Belläp geçsek, Microsoft öz maýa goýumlaryny diwersifikasiýalaşdyryp, emeli aňa bolan gatnaşykda strategiýasyny üýtgetdi. OpenAI goldawyndan başga-da, kompaniýa Copilot PK-da we Azure buludynda Hytaýyň DeepSeek modelini ulanmagy meýilleşdirýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.