Italiýada muzeýe gelen bir zenan büdräp, tötänden XVI asyra degişli surata zeper ýetirdi

11.02.2025, 13:2711,308
1 / 2

Italiýanyň Breşiýa şäherinde muzeýe sergini synlamaga gelen bir zenan tötänden kendiri ýyrtyp, XVI asyryň kartinasyna zeper ýetirdi diýip, Giornale di Brescia gazeti habar berdi.

Waka Santa-Julia muzeýinde bolup geçdy.

“Bir zenan büdräp, ýykylanda elini kendiriň üstünde goýdy. Bagtyna, zenana hiç hili şikes ýetmedi. Bu serginiň, esasanam, häzirki gelim-gidimli wagtynda bolup biläýjek ýagdaý"- diýip, Muzeýleriň şäher gaznasynyň direktory Stefano Karajowa gürrüň berdi.

Italiýaly suratkeş Morettonyň 1522-1524-nji ýyllara degişli kartinasy zaýalandy. Iki taraply horugwyň bir tarapynda iki keramatly, beýleki tarapynda Bibi Merýem düzgün-nyzamçylaryň dini hereketiniň tarapdarlary bilen şekillendirilipdir.
Kendire ýeten zyýan birnäçe müň ýewro diýlip bahalandyryldy. Emma, kartina ätiýaçlandyrylandygy sebäpli, muzeýiň myhmany hiç hili maliýe jogapkärçiligini çekmez. Zeper ýeten kendir eýýäm dikeltmek üçin iberildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.