“Neçža 2” hytaý animasiýasy taryhda iň girdejili multfilm bolup biler: onuň girdejisi 1,37 mlrd dollar

15.02.2025, 23:573,534
1 / 2

8-nji fewralda dünýä kinematografynda möhüm waka bolup geçdi. Hytaýyň “Neçža Aždarhalaryň şasyny ýeňýär” (Нэчжа побеждает Царя драконов) multfilmi ýerli prokatda bary-ýogy 11 günüň içinde 1 mlrd dollar gazandy.

Häzirki wagtda animasion filmiň kassa ýygymy eýýäm 1,37 mlrd dollardan geçdi. Bu “Doganlar Super Mario kinoda” filminiň gazananlaryndan ($1,36 mlrd) hem ýokarydyr. Analitikler ýakyn wagtda “Neçža 2-niň” 1,69 mlrd dollar ýygnan “Tapmaça 2-den” hem öňe geçip, taryhda iň girdejili multfilm bolup biljekdigini çaklaýar.
“Neçža Aždarhalaryň şasyny ýeňýär” – buddistleriň mifologiýasyna esaslanýan 2019-njy ýyldaky “Neçža” multfilminiň dowamydyr. Ol içine ähli janly-jandarlary ýok etmäge gönükdirilen arwah giren oglanjygyň täze başdangeçirmeleri barada gürrüň berýär. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.