Ilon Mask Grok 3-i hödürledi: «Döredijiligiň başlangyçlaryna» eýe bolan iň akylly emeli aň modeli

18.02.2025, 16:306,729
1 / 4

Ilon Mask xAI kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen Grok 3 atly täze çat-boty hödürledi. Milliarder täze wersiýanyň öňki Grok 2-den ep-esli güýçlüdigini aýtdy.

Maskyň aýtmagyna görä, xAI kompaniýasynyň we Grok-yň maksady – Äleme akyl ýetirmek. Işläp düzüjiler, ilkinji nobatda, syýasy taýdan aşa takyk bolmadyk çat-bot döretmegi maksat edindiler.
Mask we xAI kompaniýasy Grok 3-üň pikirlere düşünmek we akyl ýetirmek ukybynyň kämilleşdirilendigini belleýärler.

«Biz döredijiligiň başlangyçlaryny görýäris.» — diýip, Mask aýtdy.

Tanyşdyryş wagty Grok 3 fizika degişli meseläni çözüp, Bejeweled we Tetris oýunlaryny utgaşdyrýan täze oýny döretdi.

«Men bu oýny oýnadym. Ol gaty gowy.» —diýip, Mask belledi.

xAI kompaniýasy Grok 3-üň beta synag tapgyryndadygyny we bu modeliň kiçi wersiýasynyň hem bardygyny habar berdi.
Şeýle hem Grok 3 DeepSearch atly täze funksiýa eýe boldy. Bu funksiýa dürli gözleg ulgamlarynyň mümkinçiliklerini utgaşdyryp, has giňişleýin we anyk jogaplary hödürleýär.
Grok 3-üň sesli režimi durnuksyzlyk sebäpli biraz yza süýşürildi. Ol ýene bir hepdeden elýeterli bolar.
Grok 3 matematika, ylmy hasaplamalar we programmirleme boýunça geçirilen synaglarda GPT-4o, Claude 3.5 Sonnet, Gemini-2 Pro we DeepSeek-V3-den üstün çykdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.