Microsoft wideooýunlary döretmek üçin Muse neýroulgamyny hödürledi

21.02.2025, 18:291,273

Microsoft kompaniýasy wideooýunlary döretmäge ukyply bolan Muse generatiw modelini anons etdi. Tehnologiýa Ninja Theory studiýasy bilen bilelikde işlenip taýýarlandy we ulanyjynyň hereketlerine jogap hökmünde oýun dünýälerini döredip biler.

Model 2020-nji ýylda çykan Bleeding Edge ekşeniniň we 1 milliarddan gowrak dürli maglumatlaryň esasynda okadyldy.
Kompaniýa Muse-yň oýun işläp düzüjileriň ornuny eýelemejekdigini, tersine, olara mehanikalary synagdan geçirmäge, bar bolan taslamalara kontent goşup, umuman, oýny çalt işläp düzmäge kömek etjekdigini aýtdy.
Häzirki wagtda Muse beýan etmegiň esasynda bary-ýogy 10 FPS kadr ýygylygy bilen oýun dünýäsini döredip bilýär. Microsoft neýroulgamyň kämilleşjekdigini we netijede işläp düzüjiler üçin örän amatly gurala öwrüljekdigini belledi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.