«Arkadag» FK wagtyndan öň TFF-2025 Kubogynda ýeňiji boldy

23.02.2025, 16:287,704

Arkadag şäheriniň adybir topary wagtyndan öň Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogyny eýeledi. Wladimir Baýramowyň topary 21-nji fewralda bäsleşigiň dördünji tapgyrynda “Merw” toparyny 3:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

"Arkadag" FK ýaryşda mümkin bolan 12 utugyň 12-sini hem toplap, ikinji ýerde barýan klublar üçin elýetmez boldy.
TFF-niň Kubogynyň jemleýji 5-nji tapgyrynyň duşuşyklary şu gün, 23-nji fewralda geçiriler: “Şagadam” – “Nebitçi”, “Merw” – “Ahal” hem-de “Aşgabat” – “Arkadag”.
Ähli ýaryşlar Gökdepe etrabynda Babarapda geçirilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.