ChatGPT-ni her hepde 400 million adam ulanýar: OpenAI-yň ulanyjy sany ýarym ýylda iki esse artdy

24.02.2025, 08:051,783

OpenAI ulanyjy sanynyň hepdede 400 milliona ýetendigini habar berdi. 2024-nji ýylyň dekabrynda kompaniýanyň «bary-ýogy» 300 million ulanyjysy bardy, awgustyň ahyrynda bolsa bu san 200 milliondy diýip, «TechCrunch» neşiri habar berýär.

OpenAI kompaniýasy «ChatGPT Plus» ýa-da «ChatGPT Pro» üçin abunalyga ýazylan tölegli ulanyjylaryň sanyny heniz aýan etmedi. Emma B2B (biznesden-biznese) ulgamynda kompaniýanyň işleriniň gowy gidýändigini arkaýyn aýdyp bolar. Sebäbi kompaniýa häzirki wagtda 2 million sany tölegli korporatiw (edara görnüşli) müşderisiniň bardygyny aýtdy. Bu san 2024-nji ýylyň sentýabr aýyndaky görkezijiniň iki essesidir. Şeýle-de soňky alty aýyň dowamynda API-lere bolan isleg hem iki esse artypdyr.
OpenAI bu görkezijileri bäsdeşligiň güýçlenýän wagty, ýagny DeepSeek-iň öz tehnologiýasyny hödürlemeginden birnäçe hepde soň köpçülige ýetirdi. Hemmä mälim bolşy ýaly, OpenAI bäsdeşlige garamazdan, özüniň «öňdäki hatarda durýandygyny» köpçülige görkezmek isleýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.