Türkmenistanyň topary Indoneziýada ylmy ýarmarkada baýraga mynasyp boldy

25.02.2025, 13:206,167
1 / 2

2024-nji ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ýaş alymlary Indoneziýada geçirilen V Halkara ýaşlar ylmy ýarmarkasynda (YISF) baýrakly orna mynasyp boldular. Malang şäherinde geçirilen çärä 24 ýurtdan 446 topar gatnaşdy.

Türkmenistanyň toparynyň düzüminde mugallym Atamyrat Altyýew hem-de talyplar Süleýmanmuhammet Şamuhammedow we Aýmyrat Halnazarow boldy. Olar senagat galyndylaryndan "ýaşyl" sement almagy maksat edinýän taslamasyny hödürlediler. Bu innowasion iş üçin topar IYSA Semi Grand Award baýragyna mynasyp boldy.
YISF çäginde ýaş alymlar jemgyýetçilik ylymlary, ekologiýa we inženerçilik ugurlarynda täzeçillikleri görkezýärler. Indoneziýanyň Ýaş alymlar assosiasiýasy (IYSA) tarapyndan guralýan bu ylmy ýarmarka halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we ylmy-tehniki pikir alyşmak üçin möhüm platforma bolup durýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.