Galaxy S25 hatary Günorta Koreýada satuw rekordyny täzeledi: 21 günde 1 mln smartfon

01.03.2025, 17:285,976

Täze Samsung Galaxy S25 smartfonlary Günorta Koreýada iň ýörgünli smartfon boldy. Galaxy S25 hatary 2019-njy ýylda Galaxy Note 10 tarapyndan goýlan rekordy täzeledi. Şol wagt Samsung 25 günde 1 mln smartfon satypdy, Galaxy S25 bolsa bu görkezijä bary-ýogy 21 günde ýetdi.

Günorta Koreýada ýarym million alyjy Galaxy S25 Ultra modelini saýlady, bu hem ony flagmanlaryň arasynda iň meşhur smartfona öwürdi. Ulanyjylaryň arasynda şu reňkler has köp saýlandy: S25 Ultra üçin kümüşsöw-ak (Titanium White Silver) we kümüşsöw-gök (Titanium Silver Blue), Galaxy S25 we Galaxy S25 Plus modelleri üçin – çal (Silver Shadow) we gök (Ice Blue).
Bu hataryň smartfonlary innowasiýalaryň ýeterlik däldigi baradaky tankytlara garamazdan, içerki bazarda örän gowy netijeleri görkezmegi başardy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.