Google-yň esaslandyryjysy EA-nyň kömegi bilen obýektleri taslamak üçin startapy işe girizdi

10.03.2025, 16:142,636

Google-yň egindeş esaslandyryjysy Larri Peýj emeli aň ulgamyny önümçilik işlerine ornaşdyrmak bilen meşgullanjak Dynatronics startapyny döretdi.

The Information-yň maglumatlaryna görä, kompaniýa “ýokary derejede optimizirlenen” obýektleri awtomatik taslamak we olaryň soňraky önümçiligi üçin algoritmleri işläp taýýarlaýar.
Bu taslama Kittyhawk kompaniýasynyň öňki tehniki müdiri Kris Anderson ýolbaşçylyk edýär. Bu kompaniýa Peýjiň goldaw bermeginde elektrik uçarlarynyň üstünde işleýärdi. Dynatronics toparyna az sanly inženerler gatnaşýar.
Hünärmenler senagatda EA-a bolan gyzyklanmanyň artýandygyny, çünki tehnologiýalaryň çykdajylary azaldyp, işläp taýýarlamalary çaltlaşdyrmaga mümkinçilik berýändigini belleýär.
Çeşmäniň maglumatlaryna görä, Dynatronics generatiw algoritmleri awtomatizirleme bilen utgaşdyryp, adamyň elinden gelmeýän çylşyrymly gurluşlary döretmegi meýilleşdirýär. Ýöne taslama barada giňişleýin maglumat berilmeýär – kompaniýa häzirlikçe takyk önümler ýa-da hyzmatdaşlyk barada yglan etmedi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.