FIFA hususy tokenini döredip biler

11.03.2025, 18:083,534

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino guramanyň hususy kriptowalýuta tokenini çykarmak mümkinçiligini gözden geçirýändigini aýtdy. Bu barada ol Ak tamda geçirilen kriptosammitiň dowamynda aýtdy.

FIFA-nyň ýolbaşçysy sanly tokeniň döredilmeginiň dünýä janköýerleri bilen has ýakyn we ýokary hilli aragatnaşygy ýola goýmaga kömek etjekdigini belledi.

“FIFA dünýäde 5 milliard futbol janköýerini çekmek üçin şu ýerden, Amerikadan... teňňeleri döretmäge uly gyzyklanma bildirýär” – diýip, Infantino belledi.
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp şeýle “teňňäniň FIFA-nyň özünden has gymmat bolup biljekdigini” aýtdy.

Infantinonyň bu habaryndan soň, jemgyýetde eýýäm FIFA-dan öňürdip, “FIFA” ady bilen resmi däl kriptowalýuta döredildi. Onuň bahasy bir günde 357 000% ýokarlanyp, 8,2 mln dollar kapitalizasiýa ýetdi.
Bilermenler bu kriptowalýutanyň ösüşiniň uzak dowam edip bilmejekdigini, sebäbi häzirki wagtda umumy kriptowalýuta bazarynyň pese gaçyşy başdan geçirýändigini belleýär.
Şeýle-de bolsa, FIFA üçin bu blokçeýn tehnologiýalaryny we sanly aktiwleri özleşdirmekde ilkinji ädim bolup biler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.